Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Hytaý liderleriniň aýgytly sammitiniň öňüsyrasynda dartgynlylyk ýokarlanýar


Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen (2023-nji ýyl, Pekin)
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen (2023-nji ýyl, Pekin)

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kosta 24-nji iýulda Pekinde Hytaýyň prezidenti we premýer-ministri bilen duşuşar, Ukrainada barýan urşuň we transatlantik söwda urşy ähtimallygynyň fonunda geçiriljek ÝB-Hytaý sammitiniň dartgynly bolmagyna garaşylýar.

Brýussel, adatça bolşy ýaly, Tibetde, Sinjiýaňda we Hoň-Koňda adam hukuklary barada bildirýän aladalaryny orta atar, Pekiniň islendik görnüşdäki tankydy ýüzüniň ugruna ret etmegine garaşylýar.

Muňa derek, iň gyzgalaňly çekişmeler Hytaýyň Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna berýän goldawynyň töwereginde boljaga meňzeýär. Şeýle-de, ÝB Hytaýyň söwda praktikalaryny adalatsyz hasaplaýar, munuň hytaý-ýewropa söwdasyndaky defisitiň Pekiniň peýdasynda kesgin ýokarlanmagyna getirendigini öňe sürýär.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri sammitden öň metbugat wekillerine gysgaça maglumat berip, ÝB prezidentleriniň “gönümel, açyk we konstruktiw” bolmagyna garaşylýandygyny, şol bir wagtda-da “biziň bähbidimizi goramaga taýýardygyny” aýtdylar.

Diplomatik gatnaşyklaryň 50 ýyllygy

Bu sammit Hytaý bilen Bileleşigiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 50 ýyllygyny bellemek maksady bilen geçirilýär , ýöne ondan o diýen ýakymly pursatlara ýa-da haýsydyr bir anyk netijelere garaşylmaýar.

Iki tarapyň hem öz daşky gurşawy goramak wadalaryna ygrarlylygyny görkezmek isleýändigi göz öňünde tutulanda, Ýewropa Bileleşiginde iň bolmanda klimat meselesinde umumy jarnama ylalaşygyna gelinmek umydy bar, ýöne munuň durmuşa geçip-geçmezligi gaty nämälim görünýär.

Bu bir gün öň Tokioda geçirilýän ÝB-Ýaponiýa sammitine düýpgöter gapma-garşy gelýär. Ol ýerde ikitaraplaýyn howpsuzlyk gatnaşyklaryndaky ilerlemäni, seýrek duşýan ýerasty baýlyklar şertnamasyny içine alýan giň syýasat meýilnamasyna, 24 sahypalyk jarnama garaşylýandygy aýdylddy.

Pekinde syn edilmeli esasy ýygnak irden geçiriljek mejlis bolup, onda fon der Leýen bilen Kostanyň Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen “geo-strategiki” pikir alyşmalarynyň bolmagyna garaşylýar.

Ukraina meselesinde ellikler çykarylarmy?

Bu duşuşykda Ukraina meselesiniň hem uly orun tutmagyna garaşylýar, sebäbi ol Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýiiň Brýusseldäki ýewropa diplomatlaryna öz ýurdunyň bu uruşda Russiýa ýeňlişini kabul edip bilmejekdigini aýdanyndan birnäçe hepde soň geçirilýär.

Brýussel bu meselede Hytaýy özüne kän bir garşy goýmazlyk üçin köpden bäri tagalla edýär, ýöne dartgynlylyk ahyrynda, bolmanda belli bir derejede, gowşaşaýana meňzeýär.

ÝB resmileri indi Russiýanyň uruş tagallalarynda ulanýan goşa maksatly önümleriniň 80 göteriminiň Hytaýdan uç alýandygyny açyk aýdýarlar. Şeýle-de, Brýussel Pekiniň Moskwa dron hereketlendirijileriniň komponentleri ýaly harytlary dowamly eksport etmegini tankytlady.

Hytaýyň birnäçe kompaniýasy we maliýe guramasy indi gara sanawda durýar, Hytaýyň Söwda ministrligi bu göçümi eýýäm tankyt edip ýetişdi.

Bu Brýusseliň indi özüni ynamly duýýandygyny we bu ugurda Pekini nyşana almakda bir pikire gelip biljekdigini, nähilidir bir täzeligi görkezýär.

ÝB-niň täze çäklendirmeleriniň, aýdaly, Russiýanyň çig nebitinden öndürilen we üçünji ýurtlarda gaýtadan işlenen arassalanan nebit önümleriniň gadagan edilmegi ýaly çäreleriň Hytaýa gytaklaýyn täsir ýetirmegine garaşylýar.

Sammitiň taýýarlanylmagyna gatnaşan ÝB resmisi Azatlyk Radiosyna Pekiniň Moskwa bilen “çäksiz hyzmatdaşlygy” meselesinde uly üýtgeşiklige garaşylmaýandygyny aýtdy, ýöne Brýussel, has berk gümrük we goşa maksatlar üçin ulanylýan harytlara maliýe gözegçiligini etmek ýaly, aram çäreleriň görülmegine umyt baglaýar.

Söwda deňagramlylygynyň defisiti

Günüň ikinji ýarymynda Hytaýyň premýer-ministri Li Çiang bilen geçiriljek duşuşyk ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriler we onuň deňeçer derejede ynjyk bolmagyna garaşylýar.

ÝB bilen Hytaý bir-biriniň ikinji uly söwda hyzmatdaşy bolup, olaryň arasyndaky gündelik söwda 2,3 milliard dollara barabar bolýar.

Ýöne Brýusseli biynjalyk edýän zat bu söwdadaky deňagramlylyk defisiti bolup durýar.

Makala gysgaldylyp alyndy.

Forum

XS
SM
MD
LG